Oýun sanawy

«Türkmenistan» gazetiniň we TDP-niň bilelikde guran döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

18 Dek. 06:27

Çeşme

Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri, KHBS işgärleri hem-de bäsleşigiň ýeňijileri gatnaşdylar.

Bu döredijilik bäsleşigi ýylyň başynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde yglan edilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşik döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

2025-nji ýylyň dowamynda redaksiýa mazmun taýdan baý, döwrebap çemeleşmeleri we täsirli pikirleri bilen tapawutlanýan köp sanly makalalary kabul etdi.

Eminleriň çözgüdine laýyklykda, baş baýraga ýazyjy Ahmet Halmyradow hem-de şahyr Bibi Orazdurdyýewa mynasyp boldular.

Şeýle hem aşakdakylar bäsleşigiň umumy ýeňijileri diýlip yglan edildi:
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa;
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty Maýagözel Babaýewa;
Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Juma Orazgylyjow;
Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew;
«Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Oraz Abdyýew;
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň edebi işgäri Dursun Tekäýewa.

Dabara dowamynda ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌