Oýun sanawy

2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

19 Few. 08:36

Çeşme

Halkara hukugynyň ýylynyň 2028-nji ýylda bellenilmegi bilen bagly taýýarlyk işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ilkinji iş maslahaty geçirildi. Duşuşykda Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe süren başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin 2026-njy ýyl üçin niýetlenen anyk çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminama ylmy-amaly, guramaçylyk we diplomatik ugurlary birleşdirýän giň gerimli işleri öz içine alýar.

Bellenen meýilnama bäş sany esasy ugurdan ybarat bolup, olar halkara derejesindäki ylmy maslahatlary guramagy, bilim taslamalaryny amala aşyrmagy hem-de ýaşlaryň ylmy gözleglerini goldamagy göz öňünde tutýar. Halkara hukugynyň kadalarynyň parahatçylygyň we durnukly öсüşiň binýady hökmündäki ornuna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy-hukuk mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmäge aýratyn üns berildi.

Amala aşyryljak işleriň maglumat üpjünçiligini gazanmak maksady bilen, DIM-niň resmi saýtynda ýörite bölüm dörediler we bu baradaky habarlar ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň metbugat serişdelerinde yzygiderli beýan ediler. Maslahatyň ahyrynda degişli döwlet edaralarynyň wekilleri öňde duran wezipeleri ýokary derejede bitirmek üçin özara utgaşykly hereket etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.