Oýun sanawy

«Tebigaty gorap – geljegi gurýarys» atly ekofestiwal 4-nji synp okuwçylary üçin guraldy

20 Okt. 12:48

Çeşme

Şu gün 140-njy umumybilim berýän mekdepde «Tebigaty gorap – geljegi gurýarys» ady bilen geçirilen ekologiki çäre uly üstünlik bilen tamamlandy. Bu fesiwal Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Çäräniň maksady ýaş nesliň arasynda ekologiýa babatda düşünjäni ösdürmek we tebigata jogapkärli çemeleşmegi endik hökmünde ornaşdyrmak boldy. Dördünji synp okuwçylaryna niýetlenen maksatnama maglumat taýdan baý we interaktiw görnüşde guraldy.

Esasy üns Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) gönükdirildi. Uniwersitetiň wekilleri dünýäde ýüze çykýan ekologiki meseleler bilen adamlaryň gündelik durmuşyndaky gatnaşyklar baradaky düşünjeleri açyp berdiler. Okuwçylar tebigatyň dürlüligini goramak, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdylar.

Çäräniň dowamynda okuwçylaryň düşünjelerini çuňlaşdyrmak maksady bilen ekologiki oýunlar, sorag-jogap bäsleşikleri we tematik krosswordlar geçirildi. Ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşuryldy.

Festiwalda uniwersitet talyplarynyň taýýarlan okuw serişdeleri we görkezme maketleri hem görkezildi. Bu gollanmalar tebigy hadysalary düşünmekde okuwçylara kömek edýär we ýokary okuw derejesinde taýýarlanan gural hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu çäre ýokary okuw mekdebi bilen orta mekdebiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly bolup, ýurdumyzda ekologiýa düşünjesini ýaş nesillerde ösdürmäge gönükdirilen işleriň hatarynda möhüm orun eýeleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌