Oýun sanawy


Gazagystanda lukmanlara garşy haýbat atmalara jogapkärçilik berkidildi
03 Ýan. 09:45Gazagystan Respublikasynda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini goramaga gönükdirilen täze hukuk kadalary güýje girdi. Döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen bu kanun lukmanlara we beýleki lukmançylyk işgärlerine garşy haýbat atmak ýaly hereketleriň öňüni almak maksadyny göz öňünde tutýar.
Täze düzgünlere laýyklykda, şeýle hukuk bozulmalary üçin dürli görnüşli jezalar göz öňünde tutulýar. Olar pul jerimelerinden başlap, jemgyýetçilik ýa-da düzediş işlerine, şeýle hem belli bir möhlete çenli azatlykdan mahrum etmäge çenli çäreleri öz içine alýar.
Bu kanunyň kabul edilmegi lukmançylyk işgärleriniň hukuk goragyny güýçlendirmek ugrunda möhüm ädim hökmünde baha berilýär. Şeýle tejribeler sebit ýurtlarynyň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýän Türkmenistanyň hem üns merkezinde durýar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň