Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk güýçlenýär
23 Mart. 09:40Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaý arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ep-esli giňeldi. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20 esse ýokarlandy we häzirki wagtda hem durnukly ýagdaýda dowam edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran saparynyň dowamynda CGTN teleýaýlymyna beren interwýusynda Hytaýyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýändigini aýtdy.
Onuň bellemegine görä, ýyllyk haryt dolanyşygy 9–10 milliard amerikan dollary möçberinde saklanýar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag ulgamy, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, şeýle hem dokma we agrosenagat pudaklary bar.
Şeýle-de ulag ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň demir ýol ulgamynda ulanylýan wagonlaryň we lokomotiwleriň takmynan 90 göterimi Hytaýda öndürilýär.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň