Oýun sanawy

YHG-nyň çäklerinde strategik öňdebaryjylyk we sebitara gatnaşyklaryň ösüşi

05 Few. 06:53

Çeşme

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky maslahatynda Türkmenistan integrasiýa amallarynyň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň göni gatnaşmagynda taýýarlanylan «2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.

Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň goldanylandygy üçin guramanyň Sekretariatyna minnetdarlyk bildirdi. Bellemeli zat, Türkmenistanyň teklibi bilen sebitara baglanyşyga degişli möhüm ugurlar YHG-nyň 2035-nji ýyla çenli strategik maksatlaryna girizildi. Bu bolsa Türkmenistanyň sebitiň ykdysady geljegini kemala getirmekde eýeleýän ornunyň örän uludygyny we Türkmenistanyň möhüm üstaşyr merkezine öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌