Oýun sanawy

Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

04 Few. 05:16

Çeşme

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynda täze tapgyr başlandy. Milli toparyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýygyndysy 13–19-njy aprel aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji diwizionyna taýýarlyk görýär.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Türkiýäniň, Meksikanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Taýlandyň ýygyndylary ikinji diwiziona çykmak ugrunda bäsleşer. Tälimçilik topary Türkmenistanyň ýygyndysyny ýokary tertip-düzgünli, taktiki taýdan durnukly we psihologiki taýdan berk topar hökmünde taýýarlamagy maksat edinýär.

Ahmet Gurbanowyň bellemegine görä, hut ownuk jikme-jikliklere üns bermek ýokary derejeli ýaryşlarda ýeňşi kesgitleýär. Şonuň üçin dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründe toparlaýyn sazlaşyga we jogapkärçilige aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli ýygyndynyň türgenleşikleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli «Galkan» gyşky sport merkeziniň buz meýdançasynda geçirilýär. Giňeldilen düzümde ýaş we geljegi uly hokkeýçiler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň adyndan halkara duşuşyklara gatnaşyp gelen tejribeli oýunçylar hem bar.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy üçin iň pes maksat baýrakly orunlara çykmak bolsa, esasy maksat diwizionda ýeňiş gazanyp, ikinji diwiziona geçmekdir. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy taýýarlygyň çäklerinde daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem meýilleşdirýär.

32 ýaşly Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň hokkeý jemgyýetinde gowy tanalýan hünärmendir. Ol köp ýyllaryň dowamynda milli ýygyndyda oýunçy we kapitan bolup çykyş etdi, şol bir wagtyň özünde tälimçilik tejribesini hem toplady. Sport ýolunyň uly bölegini Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirip, Kazan federal uniwersitetinde degişli hünär boýunça bilim aldy.

Mundan başga-da, Gurbanow Şwesiýa, Finlýandiýa we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen IIHF tälimçilik okuwlaryny tamamlady. Onuň sport ýolundaky iň ýatda galyjy pursatlaryň biri 2023-nji ýylda Kazan Hockey Cup halkara ýaryşyndaky çykyşydyr. Şol ýaryşda ol diwizionyň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi we «Tatneft Arena» sport toplumynda geçirilen ýyldyzlar duşuşygyna gatnaşdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌