Oýun sanawy
Iwanowdaky türkmen mugallymy okuwçylaryny ýokary netije bilen taýýarlaýar
21 Okt. 06:11Iwanow şäherindäki 14-nji orta mekdepde matematikadan we informatika dersinden sapak berýän türkmenistanly ýaş mugallym Umyt Erkinow, okuwçylarynyň ýokary döwlet synaglarynda iň ýokary ballary almagyna uly goşant goşýar.
Umyt ýaşlyk ýyllarynda Russiýa gelip, Iwanow döwlet uniwersitetine okuwa girýär. “Matematika we kompýuter ylymlary” hünärini özleşdirip, bakalawr diplomyny alýar, soňra magistraturada okap, mugallymçylyk ýoluna başlaýar.
Ilkibada okuwçylar onuň adyna öwrenişmekde kynçylyk çeken bolsalar-da, sapaklaryň dowamynda bu kynçylyklar ýeňildi. Öz ýurdynda sapak berip görmese-de, türkmen we rus bilim ulgamlarynyň meňzeşligi oňa täze iş ýerinde tiz uýgunlaşmaga kömek etdi.
Umydyň kärdeşleri we ene-atalar ony çyn ýürekden goldaýarlar. Onuň sapaklary düşnükli we gyzykly bolýar, şonuň üçin okuwçylar matematika we informatika derslerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Mugallym ene-atalar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklap, her bir okuwçy üçin aýratyn maslahat berýär.
2023-nji ýylda Umyt 11-nji synp okuwçylaryna sapak berip başlady we şol ýyl ÝDE boýunça 95–96 bal alýan okuwçylaryň sany ýokary boldy. Ol öz okuwçylarynyň üstünlikleri bilen buýsanýandygyny aýtdy.
Türkmenistanda galan garyndaşlary hem onuň üstünlikleri bilen buýsanýarlar. Umyt geljekde Iwanowda ýaşamagyny we mugallymçylyk işini dowam etdirmegi we belki-de maşgalasyny hem şu ýerde gurmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda bolsa onuň durmuşynyň esasy bölegi – mekdep we oňa ynam bilen seredýän okuwçylardyr.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň