Oýun sanawy

Türkmenistan EXPO-2027 sergisi üçin pawilýon gurmak boýunça bäsleşigi täzeden yglan etdi

24 Mart. 07:40

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi EKSPO 2027 üçin milli pawilýony taslamak we gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan açdy. Bu sergi Belgrad şäherinde 2027-nji ýylda geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 13-nji apreline çenli, sagat 18:00-a çenli kabul ediler. Gyzyklanýan taraplar zerur resminamalary Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýyndan alyp bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bolýar: 44-64-77, 44-63-00, 44-64-14, 44-63-31.

















Aýlag ýurtlarynyň alty çäginde ýeke-täk syýahatçylyk wizasy girizilýär

09 Sen. 08:44

Çeşme

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine (GCC) girýän alty ýurt — Bahreýn, Kuweýt, Oman, Saud Arabystany, BAE we Katar daşary ýurtly syýahatçylar üçin birmeňzeş «GCC Grand Tourist Visa» ulgamyny çykarmaga taýýarlanýarlar. «Khaleej Times» neşiriniň habar berşi ýaly, täze wiza resminamasy syýahatçylara sebitiň ähli döwletlerine aýratyn wiza almazdan päsgelsiz girmäge mümkinçilik döreder.

Synag tapgyrynyň 2026-njy ýylyň soňky çärýeginde başlamagyna garaşylýan bu elektron wizanyň möhleti 30 günden 90 güne çenli bolup, bahasynyň 100–150 dollar aralygynda boljakdygy bellenilýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde «Arap Şengeni» diýlip hem atlandyrylýan bu taslama Aýlag sebitinde syýahatçylygy ösdürmekde hem-de döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ädim bolar.