Oýun sanawy


Aşgabatda türkmen-özbek dostlugynyň agşamy geçirildi: saz, sungat we bir tonna palaw
29 Okt. 06:49«Taşkent» seýil bagynda Türkmen-özbek dostlugynyň agşamy diýen giň gerimli dabaraly çäre geçirildi. Çäre Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy. Bu dabaranyň maksady müňýyllyklara uzalyp gidýän doganlyk we dostluk gatnaşyklaryny dabaralandyrmak boldy.
Baýrama diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, sungat işgärleri hem-de paýtagtyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Myhmanlary milli däbe görä çörek we duz, pişme we süýjülikler bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar baýrama aýratyn öwüşgin berdiler.
Çagalar üçin seýil bagynda oýun meýdançalary we attraksionlar döredilip, olaryň şowhunly gülküsi bütin bagy doldurdy.
Bagyň ýollarynyň ugrunda Bäşim Nuraly adyndaky Aşgabat çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri görkezildi, olaryň yzysüre Türkmenistanyň Sungat akademiýasynyň sergisi ýerleşdirildi. Eserlerde dostluk, bilelik we parahatçylyk temalary beýan edildi.
Şeýle hem Türkmenistanlyk dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň sergisi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Sergä gatnaşyjylar çaýlary datyp görüp, olaryň peýdasy barada maglumat aldylar.
Baýrama gatnaşanlaryň ünsüni özüne çeken iň täsirli pursat uludan taýýarlanan özbek palawynyň bişirilmegidi. Bir tonnadan gowrak palaw taýýarlanyldy – bu hakykatdan-da agşamynyň kulinariýa baýramy boldy.
Palawy taýýarlamak işine belli özbek aşpazy Rustam Ilýamow ýolbaşçylyk etdi. Oňa türkmen aşpezleri Azat Imamow we Geldimyrat Ataýew kömek berdiler. Olar 20 ýyl bäri bilelikde işleşýärler – bu hem dostlugyň, tejribäniň we ynanyşmagyň nyşanydyr.
Myhmanlara türkmeniň milli tagamlary — ýarma, çikdirme, çörek we somsa hödürlenildi.
Konsert maksatnamasy başlamazdan ozal Aşgabat şäheriniň häkimi Rahim Gandyýmow hem-de Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdiler.
Rahim Gandyýmow parkda geçirilen dabaranyň dostlukly döwletleriň paýtagtlarynyň ýakyn gatnaşyklarynyň nyşanydygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady.
Rawşanbek Alimow öz çykyşynda şeýle diýdi:
«Aşgabatdaky „Taşkent“ seýil bagy hem-de Taşkentdäki „Aşgabat“ seýil bagy – wagt we giňişlik bilen çäklenmeýän dostluk köprüsi bolup durýar. Goý, özbek-türkmen dostlugy mundan beýläk-de sebitiň parahatçylygynyň we ösüşiniň berk binýady bolsun!»
Soňra sahnada iki ýurduň tans toparlary — «Serpay», «Nýazly», «Aşgabat» çykyş edip, halk we häzirki zaman aýdymlary bilen tomaşaçylara baýramçylyk ruhuny paýladylar.
Agşam «Taşkent» seýil bagynyň çaýhanasynda dowam etdi. Açyk howada goýlan stollarda myhmanlara iki ýurduň milli tagamlary hödürlenildi. Palawdan hemmelere ýetdi – çünki onuň möçberi bir tonnadan gowrakdy!
Bu çäre diňe bir medeni baýram bolman, eýsem, iki doganlyk halkyň ýüreklerini birleşdiren adamkärçilik köprüsine öwrüldi. Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimowyň belleýşi ýaly, bu agşam hakykatdan-da «dostlugyň portaly» boldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň