Oýun sanawy


Türkmenistana Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýasy tarapyndan öndürilen döwrebap 3 bölekli ýük teplowozlary gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, Hytaýyň bu döwrebap önümleri Türkmenistanyň demir ýol ulgamynda ilkinji gezek peýdalanylar.
Täze demir ýol tehnikasyny pudagyň ýolbaşçylary, ugurdaş hünärmenler we ak sakally ýaşulular Aşgabadyň demirýol menzilinde milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda dabaraly ýagdaýda garşyladylar. Bu kuwwatly teplowozlaryň satyn alynmagy iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nobatdaky aýdyň nyşany boldy. Ýük otlularyny daşamaga niýetlenilen bu täze tehnikalaryň işe girizilmegi milli demir ýol ulaglary pudagynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Häzirki wagtda hytaý kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň bar bolan ýük teplowozlaryna düýpli abatlaýyş işleri hem ýokary derejede geçirildi. Bilermenler köne we täze tehnikalaryň görkezijilerini şeýle deňeşdirýärler:
Abatlanan 2 bölekli teplowozlar: ýük çekijilik ukyby 4 müň 200 tonna barabardyr.
Täze satyn alnan 3 bölekli teplowozlar: ýük çekijilik kuwwaty 6 müň 300 tonna ýetýär.
Täze lokomotiwleriň tehniki aýratynlyklary hem örän ýokarydyr: her bölekde 6 sany berk tigir jübüti ýerleşdirilip, olaryň ýere düşýän agramy 23 tonna deňdir. Şeýle-de täze tehnikalar sagatda 100 km konstruktiw tizlige ukyply bolup, olar ýörite innowasion dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.