Oýun sanawy

Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllyk toýuna bagyşlanan dabara

13 Noý. 13:29

Noýabryň 14-ne Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Güýzüň waspçysy, parahatçylygyň şahyry: Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti — türkmen pelsepesiniň kämilligi» atly aýdym-sazly dabara geçiriler.

 

Dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guralýar.

 

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek dabarada aýdym-sazlar, edebi-çeper çykyşlar, şahyryň ömründen we döredijiliginden gürrüň berýän wideoýazgylar görkeziler.

 

Bu dabara şahyryň döredijiligine uly sarpa goýýan  muşdaklar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar.

 

 Senesi: 14-nji noýabr

 Wagty: 15:00

 Ýeri: Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

 Giriş mugt

 

Şygryýetiň muşdaklaryny beýik şahyrymyza bagyşlanan bu dabara gatnaşmaga çagyrýarys!

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌