Oýun sanawy


«Arkadag» — «Al-Nasr»: Türkmenistanda geçiriljek oýun, soňky täzelikler we garaşylýanlar
08 Ýan. 10:5311-nji fewralda Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFG Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyny kabul eder. Duşuşyk Türkmenistanyň futbol taryhynda aýratyn orun eýelär we sagat 18:45-de başlar. Jogap oýny 18-nji fewralda Saud Arabystanynda geçiriler.
Oýnuň Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçirilmegine garaşylýar. 45 müň orunlyk bu stadion diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýada iň uly stadion hasaplanýar. 2017-nji ýylda geçirilen Aziýa oýunlary üçin gurlan arena ilkinji gezek futbol duşuşygyna eýe bolar.
AFK heniz resmi taýdan bu stadiony tassyklamasa-da, «Arkadagyň» taýýarlygy we türgenleşikleri duşuşygyň hut şu ýerde geçiriljekdigini görkezýär. Biletleriň satuwy barada Türkmenistanda entek resmi maglumat ýok.
«Al-Nasr» topary toparçadan ýeňlişsiz geçip, 22:2 hasaby bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň «Arkadag» topary bolsa öz toparçasynda ikinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň futbol möwsümi tamamlandy we «Arkadag» çempionlygy, Kubogy we Superkubogy gazandy. Saud Arabystanynda bolsa möwsüm dowam edýär.
Kriştianu Ronaldu «Al-Nasryň» esasy ýyldyzy bolup durýar. «Arkadag» bolsa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň üç futbolçysy bilen düzümini güýçlendirdi.
Bu toparlar ilkinji gezek duşuşýarlar. Türkmenistanyň futbol ýolbaşçylary «Arkadagyň» güýçli garşydaşyna garşy mynasyp göreşjekdigini nygtaýarlar.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň