Oýun sanawy

Çempionlar ligasynyň ýarym finalçylary we oýunlaryň tertibi belli boldy

16 Aprel. 06:13

Çeşme

Ýewropanyň iň abraýly klub ýaryşynda ýarym final tapgyryna çykan toparlaryň atlary anyklandy. Kubogyň häzirki eýesi «Pari Sen-Žermen» finala barýan ýolda Germaniýanyň «Bawariýa» topary bilen güýç synanyşar. Beýleki jübütlikde bolsa Angliýanyň «Arsenal» topary Ispaniýanyň «Atletiko» kluby bilen duşuşar. Ýarym finalyň ilkinji oýunlary 28–29-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 5–6-njy maýda geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisini kesgitlejek final duşuşygy 30-njy maýda Budapeştde bolar.

«Bawariýa» çärýek finalda Madridiň «Realyny» ýaryşdan çykaryp, uly şowhun döretdi. Myunhendäki jogap oýny 4:3 hasabynda nemesleriň peýdasyna tamamlanyp, Pawlowiç, Keýn, Dias we Olise dagy tapawutlandy. «Realda» Arda Güleriň iki goly we Mbappeniň tagallasy ýeterlik bolmady. Duşuşygyň ahyrynda oýunçylaryň arasynda dartgynlylyk ýokarlanyp, «Realydan» Kamawinga we oýun tamamlanandan soň Güler gyzyl kartlar aldylar. Şeýle-de «Bawariýanyň» tälimçisi Wensan Kompani sary kart almagy sebäpli indiki duşuşygy triunadan synlamaly bolar.

Londonly «Arsenal» bolsa Portugaliýanyň «Sportinginden» üstün çykyp, ýarym finala tarap ýoluny dowam etdirdi. Birinji oýundaky 1:0 hasabyndaky ýeňişden soň, öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnan «topçular» indiki tapgyra çykdylar. Bu netije londonlylar üçin taryhy ähmiýete eýedir, sebäbi klub öz taryhynda ilkinji gezek iki möwsüm yzly-yzyna Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy.

Garaşylýan ýarym finallar uly gyzyklanma döredýär, sebäbi geçen möwsümde «Arsenal» hut şu tapgyrda «Pari Sen-Žermenden» ýeňlipdi. Häzirki wagtda londonlylar şol şowsuzlygyň öwezini dolmaga çalşarlar. «Bawariýa» we «PSŽ» arasyndaky duşuşyk bolsa ýewropa futbolynyň iň güýçli klublarynyň bäsleşigi hökmünde häsiýetlendirilýär. Budapeştde geçiriljek finala çykmak ugrundaky göreş aprel aýynyň ahyrynda badalga alar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌