Oýun sanawy


2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň final oýny üçin biletleriň bahasy garaşylmadyk derejä ýetdi. Resmi gaýtadan satuw platformalarynda iň soňky duşuşyk üçin niýetlenen dört sany biletiň her biri takmynan 2,3 million dollar bahadan satuwa çykaryldy. Bu nyrhlar sport taryhynda iň gymmat baha hökmünde hasaba alynmagyna garaşylýar.
Final duşuşygy 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde ýerleşýän "Metlaýf" stadionynda geçiriler. Geň galdyryjy tarapy, millionlarça dollar bahasy bolan bu orunlaryň stadionyň iň amatly ýerlerinde däl-de, eýsem derwezäniň arkasyndaky aşaky tribunada ýerleşýänligidir. Şeýle ýokary bahalara garamazdan, halkara janköýerleriniň uly gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär.
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) özüniň resmi gaýtadan satuw meýdançasynda bahalaryň iň ýokary çägini çäklendirmeýär. Şol bir wagtyň özünde, gurama her bir amaldan satyjydan we alyjydan jemi 15 göterim möçberinde hyzmat tölegini alýar. Bu bolsa federasiýa diňe bir biletiň söwdasyndan uly möçberde girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Mundan ozalky çempionatlarda biletleri diňe öz nominal bahasy boýunça satmaga rugsat berilýärdi.
Taryhda ilkinji gezek üç ýurduň — ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde guraýan dünýä çempionaty 11-nji iýunda başlanar. Häzirki wagtda dünýä çempiony adyny göterýän Argentina bu gezek hem iň güýçli dalaşgärleriň biri hasaplanýar. Çempionatyň jemleýji oýny diňe bir sport bäsleşigi däl, eýsem ägirt uly maliýe amallarynyň merkezine öwrüljekdigini şimdiden görkezýär.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.