Oýun sanawy


Türkmenistanyň «Arkadag» topary Türkiýedäki türgenleşik ýygnanyşygynda üçünji gezek utuldy
02 Few. 11:45Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary Türkiýede dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 31-nji ýanwarda bolan bu oýunda türkmen topary Moldowanyň «Milsami» klubyna 1:3 hasabynda ýeňildi.
«Arkadagyň» düzüminde ýeke-täk goly jerime urgusyndan Begenç Akmämmedow geçirdi. Duşuşygyň başlarynda bolsa Welmyrat Ballakow penalti urgusyndan peýdalanyp bilmese-de, topar hüjüm mümkinçiliklerini işjeň guramaga synanyşdy.
Bu netijeden soň, Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň «Arkadag» topary türgenleşik ýygnanyşygynda yzly-yzyna üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ondan öň «Arkadag» Mahaçkalanyň «Dinamo» toparyndan we Kosowanyň «Dukadžini» klubyndan 0:1 hasabynda utulypdy.
Türkmenistanyň çempiony bolan «Arkadag» topary bu ýygnanyşykdaky ýeke-täk ýeňşini 19-njy ýanwarda gazanyp, Kosowanyň «Feronikeli» toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu duşuşyklar Türkmenistanyň futbolynyň halkara derejede tejribe toplamagy üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.
Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.
Şeýle hem okanyň