Oýun sanawy


Britan kompaniýalary bitkoiniň hümmedi sebäpli 106 million dollar ýitirdi
23 Dek. 08:062025-nji ýylda bitkoine maýa goýan britan kompaniýalary onuň hümmediniň pese gaçmagy sebäpli 80 million funt sterling (106 mln dollar) ýitirdiler diýip, «Telegraph» neşirinde çap edilen makala salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
London biržasynda kotirlenýän kompaniýalar 2025-nji ýylda kriptopul satyn almak üçin 360 mln funt sterling sarp etdiler. Gazetiň ýazmagyna görä, olar bitkoini gymmat döwri satyn alypdyrlar. Ýagny 13 kompaniýa 4300 sany bitkoini 113,1 müň dollara satyn alypdyr, häzir bolsa sanly puluň hümmedi 88 müň dollar töweregi. Jemi alnanda, umumy ýitgi 79,1 million funt sterlingi düzüpdir.
Neşiriň ýazmagyna görä, bitkoiniň geçen ýyl nyrhynyň gymmatlamagy Donald Trampyň ABŞ-daky saýlawlarda ýeňiş gazanmagy we onuň edarasynyň kriptopullara oňyn garajakdygy barada umyt bilen bagly bolupdyr.
Emma 2025-nji ýylda onuň bahasy 12 göterime golaý arzanlapdyr. Bitkoine maýa goýýan britanlaryň sany-da 12 göterim bolanlygyndan 8 göterime çenli azalypdyr.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň