Oýun sanawy


Finlýandiýada miwe ýygymy: ýerli ýaşaýjylar çernika ýygnap günde 300 ýewro çenli gazanç edýärler
31 Iýul. 06:52Finlýandiýada ýerli ilat çernika ýygnamak we satmak işine rekord derejede aktiw gatnaşýar. «Российская газета» neşiriniň «Yle» teleýaýlymyna salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, Hökümet tarapyndan daşary ýurtly zähmetkeşlere wiza bermek kadasynyň ýatyrylmagy sebäpli, bazarlarda çernikanyň lomaý satyn alyş nyrhy tas üç esse ýokarlanypdyr.
Eger 2025-nji ýylda lomaý alyjy edaralar çernikanyň bir litri üçin 1,55 ýewro tölän bolsalar, häzirki wagtda miwäniň bir litri 4,5 – 5,5 ýewro aralygynda satyn alynýar. Bu ugurda 30 ýyl bäri iş alyp barýan «Dalla Valle» kompaniýasynyň hünärmenleri bu möwsümiň hasyllylyk we gazanç babatda iň ýokary görkezijilere ýetjekdigini bellediler.
Emele gelen ýagdaý ýygnaýjylara uly girdeji getirmäge mümkinçilik berýär. Ýerli ýaşaýjylaryň biriniň aýtmagyna görä, ol bir bedre çernikany 45 minutda ýygyp bilýär, maşgalanyň hepdelik gazanjy bolsa müň ýewro ýetýär. Netijede, zähmetkeş adamlar bir günüň dowamynda 200—300 ýewro töweregi arassa girdeji gazanmagy başarýarlar.
Geçen ýyllarda Finlýandiýanyň tokaýlarynda müňlerçe daşary ýurtly işçiler zähmet çeken bolsa, bu ýyl häkimiýetler diňe Tailandyň 123 raýatyna miwe ýygnamaga rugsat beripdir. Bu ýagdaý obyrly miweleri ýygnamak işini dolulygyna ýerli ilatyň eline berdi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.