Oýun sanawy


Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň ösüşi täze tapgyra gadam basýar. Öz türkmen programmistlerimiz tarapyndan döredilen TMBIZ (TmBiz) mobil goşundysy ýurduň ilkinji gysga wideo akym platformasy hökmünde çykyş edip, häzirki wagtda Instagram we TikTok ýaly halkara platformalara mynasyp bäsdeş hökmünde özüni görkezýär.
TMBIZ — bu diňe bir sosial platforma däl. Ol türkmen biznesiniň sanly giňişlikdäki ösüşine itergi berýän innowasion ekoulgamdyr. Platforma döredijiler, telekeçiler, brendler we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Mega-bäsleşik we gymmatbaha baýraklar
Häzirki wagtda TMBIZ platformasynda giň möçberli mega-bäsleşik geçirilýär. Bäsleşigiň netijelerine görä öňdäki orunlary eýelän gatnaşyjylara:
Bäsleşigiň şertleri örän aňsat:
Biznes üçin sanly hemra
TMBIZ aýratynlykda türkmen biznesi üçin döredilen ilkinji sanly platforma bolup, haryt we hyzmatlary tanatmak, müşderi bilen göni aragatnaşyk gurmak hem-de döwrebap marketing gurallaryny ulanmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
TMBIZ — bu:


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň