Oýun sanawy

Türkmenistanda Aşgabat dokma toplumynda ýylyň nyşany bilen önümler öndürilip başlandy

30 Ýan. 08:39

Çeşme

Türkmenistanda önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýan kärhanalaryň hatarynda Aşgabat dokma toplumy hem aýratyn orun eýeleýär. Kärhanada ýylyň nyşany bilen bezelýän dokma önümleriniň önümçiligine badalga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Habarlarda bellenilişi ýaly, ýokary hilli önümleriň öndürilmegi pudagy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze sepgitleri eýelemek kärhana üçin möhüm maksatlardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýar. Önümçiligi döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bäsleşige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini giňeltmäge şert döredýär. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa önümçilik ulgamynyň döredilmegi Türkmenistan üçin uzak möhletli ykdysady peýda getirýär.

Bu ugurda amala aşyrylýan maksatnamalar Türkmenistanda sebitleriň senagat taýdan ösüşini tizleşdirýär, milli ykdysadyýetiň köpugurly ösüşine itergi berýär we Watanyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyryp hyzmat edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌