Oýun sanawy


2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Germaniýanyň Maýn derýasynyň boýunda ýerleşýän Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine bagyşlanan ýörite çäre geçirilmegi meýilleşdirilýär. Forumda ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa, dokma we oba hojalygy ulgamlaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri bilen bir hatarda, saglygy goraýyş, derman senagaty we Arkadag şäheriniň medisina klasteriniň ösüşi giňden görkeziler.
Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş eden wise-premýer N. Atagulyýew, forumyň ýokary derejede geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda birnäçe hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekiljekdigini belläp geçdi.
Şu wagta çenli Germaniýanyň dürli pudaklarynda işleýän 50-den gowrak kompaniýa we gurama foruma gatnaşmak üçin bellige alyndy.
Forumda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda iş alyp barýan ýolbaşçylaryň, bank wekilleriniň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, telekeçileriň we Senagatçylar birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde wise-premýere bu halkara derejeli çäreni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi we onuň netijeliligini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň