Oýun sanawy


17–19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gazananlaryna bagyşlanan uly göwremli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumy açylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralýan bu çäre, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmegi we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy maksat edinýär. "Rysgal" gazetiniň habar bermegine görä, sergä gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi 5-nji martda tamamlanýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanda geçiriljek I Merkezi Aziýa talyplar sport forumyna gatnaşarlar
Bugün 10:022026-njy ýylyň 29-njy sentýabry bilen 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Bu halkara sport çäresine Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we wekillikleriniň hem amaly gatnaşmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berlişi ýaly, bu forum Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkente saparynyň çäklerinde guralýar. Çärä FISU-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Guralýan forumyň esasy maksady talyplar sportuny ösdürmek boýunça toplanan tejribäni halkara derejede ýaýratmakdan hem-de sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda talyplar sportuny ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri we bu ugurdaky geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.
Şeýle hem okanyň