Oýun sanawy


Soňky 25 ýylyň dowamynda "Dragon Oil" kompaniýasy Türkmenistandaky taslamalaryna $11 milliarddan gowrak serişde gönükdirdi. Bu barada kompaniýanyň marketing we döwlet bilen aragatnaşyklar boýunça müdiri Said Al Şamsi Awazada geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynda aýtdy.
Şol döwürde kompaniýa 440 million barrelden gowrak nebit çykaryp, hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigini görkezdi.
Said Al Şamsi kompaniýanyň bilim, saglyk, medeniýet we sport ugurlarynda amala aşyran taslamalaryna $250 milliondan gowrak serişde goýberilendigini belläp geçdi. Bu bolsa "Dragon Oil" kompaniýasynyň ýerli jemgyýetlere uzak möhletleýin goldaw görkezýändigine şaýatlyk edýär.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistandaky 2200-den gowrak işgärleriň 93%-i ýurduň raýatlary bolup durýar. Bu bolsa milli iş güýjüne berilýän uly ähmiýeti görkezýär.
“Dragon Oil” 2000-nji ýyldan bäri Hazar deňzindäki Çeleken şertnama zolagynda önümi paýlaşmak ylalaşygynyň esasynda iş alyp barýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň