Oýun sanawy

Oguljahan Atabaýewa Ermitaj muzeýine baryp gördi

22 Noý. 10:10

Çeşme

Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny daşýan «Hossarlyga mätäç çagalara kömek» hayyr-sahawat fondunyň bejeriş işi boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburgdaky saparynyň çäginde Döwlet Ermitaj muzeýine baryp gördü.

1764-nji ýylda II Katrinanyň başlangyjy bilen döredilen Ermitaj häzirki wagtda Russiýanyň iň uly medeni ojaklarynyň biri hökmünde tanalýar. Muzeýiň hazynasynda dürli döwürlere degişli üç milliondan gowrak sungat eseri saklanylýar.

Ermitajda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň taryhyna we medeniýetine degişli gymmatlyklar hem orun alýar. Bu ýerde aýlawdan çykarylan Nusa we Merw ýadygärlikleri, gadymy çarwaçylaryň keramiki we metal önümleri, dokma işleriniň nusgalary, halylar hem-de milli lybaslar görkezilýär.

Muzeý bilen tanyşlykdan soň Oguljahan Atabaýewa medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän, adamzadyň ruhy dünýäsini beýan edýän uly gymmatdygyny aýratyn belledi we guralan gezelenç üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra ol Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen birlikde ýadygärlik suratyny düşürdi diýip, TDH habar berýär.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.