Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Saud Arabystany atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
23 Ýan. 11:26Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Muhammetgeldi Ýazow Saud Arabystanynyň Atçylyk sport federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Fuad bin Fahad Ibragim bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk we atçylyk sporty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Saud tarapynyň wekili ýolbaşçylyk edýän federasiýasynyň alyp barýan işleri, maksatnamalary we ösüş meýilleri barada maglumat berdi.
Türkmen diplomat Saud Arabystanynyň wekillerine Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçiriljekdigini habar berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmäge, ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmaga we türkmen bedewleriniň halkara derejesindäki abraýyny has-da berkitmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Gepleşikleriň ahyrynda Saud Arabystanynyň Atçylyk sport federasiýasy bilen Türkmenistanyň degişli düzümleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň