Oýun sanawy


2026-njy ýylyň ýanwaryndan başlap, şol sanda Türkmenistanly raýatlar üçin hem ABŞ-a syýahatçylyk wizasy bilen bagly täze düzgün girizilýär. Emma iň esasy zat — bu wiza üçin töleg däl we hemmeler üçin hökmany ýygym däl.
Bu ýerde gürrüň wiza kepilligi barada gidýär. Konsulyň kararyna görä, raýatdan 5 müňden 15 müň dollara çenli wagtlaýyn girew goýmak soralyp bilner. Bu — adamyň ABŞ-dan wagtynda dolanyp geljekdigini subut etmek üçindir. Eger adam düzgünleri berjaý edip, wagtynda dolanyp gelse — pul doly yzyna gaýtarylýar. Eger galmak möhletini bozsa — kepil puly yzyna berilmeýär.
Mundan başga-da, bu girew wizanyň beriljekdigini kepillendirmeýär we diňe konsulyň görkezmesi bilen tölenýär. Özbaşdak töleg geçirmek gadagan. Umuman, 15 müň dollar — ABŞ-a gitmegiň bahasy däl, bu diňe kanuny ýagdaýda dolanyp gelmegiň kepilligi bolup durýar.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem okanyň