Oýun sanawy


Gazagystanda medeniýet ulgamynyň wekillerini döwlet derejesinde sylaglamak dabarasy geçirildi
23 Maý. 07:31Gazagystanyň paýtagtyndaky Akorda rezidensiýasynda medeniýet we sungat äleminiň görnükli wekillerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Çärede ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew çykyş edip, milli medeni mirasyň tutuş türki siwilizasiýasynyň taryhynda we ösüşinde aýratyn orun tutýandygyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtamagyna görä, ruhy we medeni ulgamy yzygiderli goldamak indi ýurduň Esasy Kanunynda berkidilen möhüm borçlaryň biri bolup durýar. Hökümet tarapyndan milli medeniýetiň asyl kökleri bolan žyrau, terme ýaly şahyrana senedi hem-de kýuý senedini has-da dabaralandyrmaga aýratyn üns berler. Şol bir wagtda täze zehinleri ýüze çykarmak we olary höweslendirmek boýunça yzygiderli çäreler meýilleşdirilýär.
Şu maksat bilen, ýurtda «Asyl mura» atly täze döwlet baýragynyň esaslandyrylýandygy resmi taýdan yglan edildi. Bu baýrak degişli ministrligiň hödürlemesi esasynda, milli sungatyň ösmegine uly goşant goşan iň zehinli döredijilik wekillerine Prezidentiň Karary bilen gowşurylyp bolar. Bu başlangyç taryhy gymmatlyklary we nesilden-nese geçip gelýän däp-dessurlary gorap saklamaga saldamly goşant goşar.
Milli medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň dabaralaryna gabat lanyp geçirilen bu dabarada jemi 120 sany pudak wekiline dürli derejedäki ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy. Döredijilik işgärleri täze baýragyň döredilmeginiň hem-de görkezilýän uly ünsüň ýurduň artistleriniň we sazandalarynyň hünär işjeňligini, milli özboluşlylygy gorap saklamak ugrundaky höwesini has-da artdyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.