Oýun sanawy

Aşgabatda rus dilini we medeniýetini ösdürmäge bagyşlanan çäreler geçiriler

03 Noý. 12:29

Çeşme

Noýabryň 24–28-i aralygynda Aşgabatda Russiýanyň döwlet maksatnamasy bolan «Rus dilini daşary ýurtlarda goldamak we ösdürmek» taslamasynyň çäginde medeni we bilim maksatly çäreleriň tapgyry geçiriler. Bu barada «Roskonsert» Federal döwlet medeniýet müessesesi habar berdi.

Maksatnama Ural döwlet akademiki rus halk horunyň konsertlerini, Moskwa halk horunyň däp bolan rus «weçerka» agşamlaryny, şeýle hem rus diline degişli okuw-seminarlary we ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda Sergeý Glebuşkiniň şahsy ýygyndysyndan rus milli lybaslarynyň sergisi guralar.

















Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalary manul pişigini öwrenmek boýunça bilelikdäki gözleg işlerini geçirdiler

Bugün 07:05

Çeşme

«Köpetdag», «Bathyz», «Köýtendag» we «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleri Köpetdagyň beýik dag guşaklyklarynda täsin seýrek duş gelýän ýabany pişik bolan manuly gözlemek we gözegçilik etmek boýunça bilelikde giň göwrümli işleri geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Manul 2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde «ýitip barýan görnüş», Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) Gyzyl sanawynda bolsa «ýitmek howpuna ýakyn görnüş» derejesi bilen kesgitlendi. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň ortalarynda ýurdumyzyň daglyk bölgelerinde köp gabat gelen hem bolsa, soňky ýyllarda bu haýwan hakynda takyk maglumatlar örän azdy.

Ylmy işgärleriň 2018-nji ýyldan bäri geçirýän gözegçilikleriniň netijesinde manul pişigi Duşakerek dagynda, «Köpetdag» goraghanasynyň çäginde, Mürze dagynda, Daştoý deresinde, Uly Balkanda, golaýda bolsa Balkan welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdirligi bilen bilelikde geçirilen barlaglarda Kiçi Balkan dagynda fototuzaklaryň üsti bilen hasaba aldy.

Manul — gür tüýli, gysga aýakly, ýüzünde özboluşly gara zolaklary bolan kiçi göwrümli ýabany pişikdir. Beýleki pişik gurluşly haýwanlar bilen deňeşdirilende tizliginiň haýallygy sebäpli, ol öz awuny gemrijileriň hinleriniň hem-de gaýa jaýryklarynyň agzynda bukulyp awlaýar. Gizlenmek häsiýetiniň ýokarylygy sebäpli manul tebigatda örän seýrek duş gelýän we az öwrenilen görnüşleriň biri bolmagynda galýar.