Oýun sanawy


Şu gün Türkmenistanda, Aşgabat şäherinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny öz içine alan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky duşuşygy boldy. Geňeşmelere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri giň gerimde ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar strategik derejedäki dostlukly, açyk we birek-birege ynamly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar.
Şeýle-de, Türkmenistan bilen Russiýanyň hyzmatdaşlygynyň diňe ikitaraplaýyn däl, eýsem köptaraplaýyn meýdançalarda hem üstünlikli ilerleýändigi bellenildi. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Russiýa» formaty aýratyn ähmiýetli hyzmatdaşlyk meýdançalary hökmünde görkezildi.
Diplomatlar 2025–2026-njy ýyllar üçin kabul edilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň esasynda Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda dialogy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar.
Geňeşmeleriň dowamynda sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş we halkara durnuklylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň