Oýun sanawy

Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

31 Okt. 13:22

Çeşme

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.

Netijeler boýunça:

  • üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;

  • ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;

  • birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;

  • Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.

Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌