Oýun sanawy

Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygarynyň many-mazmuny giňişleýin seljerildi

03 Ýan. 08:48

Çeşme

Ýanwar aýynyň başynda Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň şygarynyň ideologik ähmiýetini düşündirmek we jemgyýetçilik arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy hem-de milli buýsanjy bilen baglanyşykly gymmatlyklar aýratyn nygtaldy.

Çärä Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň atçylyk ulgamynyň wekilleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudak hünärmenleri, Türkmenistanyň Hormatly ýaşulylary, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ahalteke bedewleriniň Türkmenistanyň taryhyndaky we ruhy durmuşyndaky aýratyn ornuny belläp geçdiler. Dünýä derejesinde tanalýan bu behişdi bedewler türkmen halkynyň ruhy güýjüniň, mertebesiniň we döredijilik ruhunyň nyşany hökmünde häsiýetlendirildi. Ahalteke atçylyk däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň milli mirasynyň halkara derejede ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasaty ahalteke bedewleriniň abraý-şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir. Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi hem bu gymmatlygyň döwlet derejesinde sarpalanýandygyny tassyklaýar.

Çykyş edenler ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürmegiň we ony dünýäde giňden wagyz etmegiň Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini bellediler. Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri we şol ýeňişleriň hormatyna Arkadag şäherinde guralýan giň möçberli dabaralar agzaldy.

Şeýle-de 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan ilkinji maslahatyň ahalteke bedewleriniň Watany bolan Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilmeginiň çuňňur many-mazmuny bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy, şeýle hem Arkadag şäheriniň ösüşlerini we ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän suratlar, halylar, şaý-sepler hem-de fotosuratlardan ybarat sergi hödürlendi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌