Oýun sanawy

Täjigistanda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň sergisi guraldy

03 Aprel. 06:35

Çeşme

Duşanbe şäherinde ýerleşýän Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda geçirilen bu medeni aksiýa iki doganlyk halkyň arasyndaky ruhy we taryhy baglanyşyklary täze derejä çykarmaga hyzmat etdi. Çäräniň çäklerinde guralan sergiler gelýän myhmanlara Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşleri we gadymy däp-dessurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik döretdi.

Milli medeni burçda ýurdumyzyň 2026-njy ýyl üçin kabul edilen şygarynyň mazmuny açylyp görkezildi. Serginiň esasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň galamyna degişli bolan ylmy-edebi eserler düzdi. Bu neşirler arkaly gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy ýoly, döwletlilik ýörelgeleri we medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem, ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän fotosuratlar sergä aýratyn görk berdi.

Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan iň uly goşantlarynyň biri bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan bölüm dabaranyň iň täsirli pursatlarynyň birine öwrüldi. Gözelligiň we çydamlylygyň nusgasy hasaplanýan behişdi bedewler baradaky maglumatlar talyplaryň we mugallymlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň täjik dilinde çap edilen «Ganatly bedewler» atly kitaby institutyň rektoryna sowgat berlip, bu dabaranyň ýadygärlik nyşanyna öwrüldi.

Medeni çäre Täjigistanyň sungat ussatlarynyň we talyplarynyň taýýarlan sazly-teatrallaşdyrylan çykyşlary bilen dowam etdi. Iki ýurduň amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň bir meýdançada görkezilmegi halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýete eýedigini subut etdi. Bu tanyşdyryş dabarasy Täjigistanyň ýokary okuw mekdepleriniň çäklerinde türkmen medeniýetini wagyz etmek we ýaş nesilleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌