Oýun sanawy

Aşgabatda Roždestwo Kitap ýarmarkasy geçiriler

18 Dek. 09:04

Çeşme

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Wekilliginde göwnejaý Roždestwo kitap bazarçylygy geçiriler. Aşgabadyň kitap dükanlary bir ýerde ýygnanyp, dürli kitaplar we baýramçylyk sowgatlary hödürler.
Myhmanlary ýyly baýramçylyk atmosferasy, tagamlyklar we Ýewropa Roždestwo aýdym-sazlary garaşýar. Şeýle-de, kitap alyş-çalyş künji, Santa Klauza hat ýazyş stansiýasy we çagalar üçin döredijilikli iş sapaklary bolar.

Wagt: 15:00–19:00
Giriş: mugt

















Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara okuw çäresi açyldy

08 Sen. 18:39

Çeşme

Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» diýlip atlandyrylan 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň hem-de Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 18-nji sentýabra çenli dowam eder. Аçylyş dabarasynda BMG-niň we beýleki öňdebaryjy halkara guramalaryň wekilleri çykyş edip, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmeginiň sebäplerine we deňiz hukugyna aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.

2013-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bilim maksatnamasynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlardan hem-de Hytaýdan 175 sany hünärmen öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň деми bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.