Oýun sanawy


Aşgabatda ýaşlaryň gatnaşmagynda söweş sungatlary boýunça Federasiýa Kubogy üçin jemleýji duşuşyklar geçiriler
24 Okt. 08:0123-nji oktýabrda Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynda söweş sungatlary federasiýasynyň Kubogy ugrunda jemleýji duşuşyklar geçiriler. Ýaryşlar jiu-jitsu, sambo we söweş sambosy boýunça geçirilýär. Final duşuşyklary sagat 10:00-da başlanar.
21-nji oktýabrda badalga alan bu ýaryşlara 2010–2012-nji ýyllarda doglan oglanlar we gyzlar gatnaşýarlar. Bäsleşikler ýokary derejede guralyp, ýaş türgenleriň we tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna sebäp bolýar.
Ýaryşyň guramaçysy Türkmenistanyň milli Söweş sungatlary federasiýasydyr.
Bäsleşikler ýurdumyzda ýekebara göreşleriň ösdürilmegine we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň