Oýun sanawy


Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bakuwda Emin Agalarow bilen duşuşdy
05 Aprel. 12:14Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda amala aşyrylýan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary meşhur aýdymçy we telekeçi Emin Agalarow bilen duşuşyk geçirdiler. Bu çäre türkmen wekiliýetiniň goşmaça döredijilik meýilnamasynyň bir bölegi bolup, taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän meselelerini öz içine aldy.
Duşuşygyň dowamynda dünýä belli ahalteke bedewleriniň saklanyş aýratynlyklary we olaryň türgenleşdiriliş usullary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem, meşhur aýdymçy üçin türkmen çapyksuwarlarynyň halkara derejesindäki abraýly bäsleşiklerde ýokary baýraklara mynasyp bolan çykyşlaryndan täsirli pursatlar görkezildi.
Emin Agalarow türkmen jigitleriniň görkezýän professional ussatlygyna we ahalteke atlarynyň gözelligine ýokary baha berdi. Ol milli mirasyň beýleki halklar tarapyndan ykrar edilmeginiň medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun tutýandygyny belläp, artistleriň işine uly hormat goýýandygyny beýan etdi.
Bakuwyň «Circus Sea Breeze» meýdançasynda «Galkynyş» toparynyň, şeýle-de ýurdumyzyň döwlet sirkleriniň artistleriniň gatnaşmagynda guralan çykyşlar azerbaýjanly tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Maksatnamada akrobatik usullar we ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilýän çylşyrymly jigitlik sungaty görkezildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.