Oýun sanawy


Halkara alymlar topary gan lagtasynyň emele geliş amalyýetiniň öňki çaklanyşyndan tapawutlylykda başgaça amala aşýandygyny anykladylar. «Financial Times» neşiriniň habar bermegine görä, bu ylmy açyş ganyň uýama bozulmalaryny bejermekde täze mümkinçilikleri açyp biler.
Fransiýanyň Grenobl şäherindäki Laue-Lanžewen institutynda fransiýaly, beýik britaniýaly we şwesiýaly hünärmenler ganyň uýamagyna jogap berýän fibrinogen belogyny öwrendiler. Öňler bu belogyň molekulalarynyň howa bilen galtaşanda bir ýapgyt gatlaga düzülýändigi baradaky nazaryýet hödürlenýärdi. Emma täze barlaglar molekulalaryň kese ýerleşip, üst-üste goýlan kagyz petdeleri ýaly birnäçe gatlagy emele getirýändigini subut etdi.
Açyşyň netijeleri gemofiliýa keselini bejermekde hem-de diabetli näsaglarda glýukozanyň derejesini gözegçilikde saklamagyň ep-esli netijeli usullaryny işläp düzmekde ulanylyp bilner. Mundan başga-da, bu maglumatlar öýken gaýnaglamasynda fibrinogeniň alweolalara geçip, dem alyş ýetmezçiligini döretmeginiň öňüni almaga kömek eder.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.