Oýun sanawy

Ikiýüzlüligiň biologik esaslary: söz we amal çaprazlygynyň beýni bilen baglanyşygy subut edildi

11 Aprel. 12:01

Çeşme

Ylmy barlaglar adamyň ahlak garaýyşlary bilen edýän işleriniň arasyndaky tapawudyň neýrobiologik sebäplerini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, ikiýüzlülik diňe bir häsiýet aýratynlygy bolman, eýsem beýniniň wentromedial prefrental gabygynyň işjeňligine gönüden-göni baglydyr. Bu açyş ynsanyň özüne peýda geljek ýagdaýynda näme üçin ahlak kadalaryndan dänip, başgalara baha berende bolsa şol kadalary berk talap edýändigini ylmy taýdan düşündirýär.

Sýaoçu Çžanyň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler topary adamyň şahsy bähbitleri bilen ahlak borçlarynyň arasyndaky gapma-garşylygyň beýni tarapyndan nähili dolandyrylýandygyny öwrendiler. Barlaglar görkezişi ýaly, beýni öz kararlarymyzy köplenç peýda nukdaýnazaryndan, başgalaryň hereketlerini bolsa ahlak nukdaýnazaryndan seljerýär. Bu bolsa adamyň öz bähbidi üçin ýalana ýüz urmagyna, ýöne başgalaryň ýalanyny berk ýazgarmagyna sebäp bolýan özboluşly bir «biologik mehanizmdir».

Bu ýagdaýy anyklamak üçin 58 meýletinçiniň gatnaşmagynda fMRT skanirlemesini ulanmak arkaly ýörite synaglar geçirildi. Kart oýunlarynyň dowamynda gatnaşyjylaryň maddy baýrak almak üçin ýalan sözleýän pursatlaryndaky we beýleki adamlaryň hereketlerine baha berýän pursatlaryndaky beýni işjeňligi deňeşdirildi. Şeýle-de, alymlar beýniniň degişli bölegine pes güýçli elektrik signallary arkaly täsir edip, bu işjeňligiň ikiýüzli diýlip atlandyrylýan hereketleriň döremegine nähili täsir edýändigini subut etdiler.

Barlagyň awtorlarynyň biri bolan Hunweniň pikiriçe, bu ylmy netijeler ahlak taýdan durnuklylygyň we sözüňde tapylmagyň diňe bir dogabitdi häsiýet bolman, eýsem türgenleşdirip boljak bir ukyphydygyny görkezýär. Beýniniň bu işjeňlik mehanizmlerine düşünmek geljekde bilim ulgamynda täze usulyýetleri döretmäge, şeýle hem has kämil we ahlakly emeli aň ulgamlaryny işläp taýýarlamaga ýardam eder. Bu açyş ynsan tebigatyna täzeçe garalmagyna şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌