Oýun sanawy

Türkmenistan bosgunlary we wagtlaýyn gorag alýanlary hasaba almak boýunça täze düzgünleri girizdi

02 Ýan. 12:23

Çeşme

Türkmenistanda bosgun statusyny ýa-da goşmaça we wagtlaýyn goragy almak üçin ýüz tutýan adamlary hasaba almagyň täze tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan 2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda kabul edilen 128-nji belgili buýruk bu ugurdaky düzgünleri kesgitleýär.

Täze tertibe laýyklykda, Türkmenistana gelen adamlar ýurduň çägine giren gününden başga, üç iş gününiň dowamynda migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda bolýan ýa-da ýaşaýan ýerleri boýunça hasaba durmaga borçludyrlar. Hasaba alyş Türkmenistanyň migrasiýa edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Hasaba almak bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakganamalaryň wagtlaýyn şahadatnamalary, bosgun şahsyýetnamalary, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň degişli resminamalary esasynda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen adamlaryň wagtlaýyn ýerleşdirilmegi we olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy bilen bagly meseleler bu tertipde düzgünleşdirilýär.

Bu täze düzgün 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Bosgunlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip düzüldi hem-de Türkmenistanda migrasiýa hasabat ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Doly maglumatlar Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi çeşmelerinde elýeterlidir.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.