Oýun sanawy

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy dünýä çempionatynda dördünji boldy

20 Few. 10:53

Çeşme

Saraýewo şäherinde hokkeý boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen 27-nji dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «B» toparçasyndaky bäsleşikler tamamlandy. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy bu halkara ýaryşynda baýrakly orunlar ugrunda soňky pursata çenli göreşdi.

Üçünji orun ugrundaky duşuşykda milli ýygyndymyz ýaryşyň öý eýeleri bolan Bosniýa we Gersegowinanyň topary bilen güýç synanyşdy. Gyzgalaňly geçen oýun 4:1 hasabynda garşydaşlarymyzyň peýdasyna tamamlandy. Türkmen hokkeýçileriniň arasyndan ýeke-täk tapawutlanan oýunçy Serdarmyrat Ýollyýew boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça dördünji orny eýelän ýygyndymyz geljekki möwsümde hem öz diwizionyndaky ornuny saklamagy başardy.

Toparçanyň finalynda Tailandyň ýygyndysy Islandiýadan 4:3 hasabynda üstün çykyp, altyn medallaryň eýesi boldy. Bu ýeňiş Tailanda indiki ýylda üçünji diwizionyň «A» toparçasynda oýnamaga mümkinçilik berdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌