Oýun sanawy


Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-da emläk hukugyny we intellektual eýeçiligi goramagyň öňdebaryjy tejribesini öwrendi
12 Sen. 18:55ABŞ-nyň Döwlet sekretariatynyň Bilim we medeniýet бюросы tarapyndan goldanylýan abraýly «International Visitor Leadership Program» (IVLP) hünär alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Demirgazyk Karolina ştatyna iş saparyny amala aşyrdy. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň, Ministrler Kabinetiniň hem-de hususy pudagyň wekillerini öz içine alýan ýurdumyzyň hünärmenleri patent hukugy, innowasiýalar we ylmy barlaglaryň netijelerini täjirçilik esofuna geçirmek babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen duşusyklar toplumyny geçirdiler.

Saparyň ilkinji günlerinde wekiller amerikan medeniýeti we taryhy mirasyny öwrenmek maksady bilen, Çatem okrugyndaky «Old-Fashioned Farmers’ Days» däp bolan oba hojalyk festiwalyna gatnaşdylar.

Bu ýerde wekiliýet agzalary gadymy oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdylar.

Şeýle hem «Dinner Diplomacy» maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar amerikan maşgala ojagynda bolup, özara medeni gatnaşyklary berkitdiler.

Munuň bilen birlikde, wekiller Atlantik okeanynyň kenaryna baryp, taryhym port şäheri bolan Uilmingtonuň gözel ýerlerini synladylar.


Saparyň işewürlik bölegi Çapel-Hilldäki Demirgazyk Karolina uniwersitetinde (UNC) dowam etdi.

Uniwersitetiň ylmy barlaglar boýunça wise-kanslorynyň edarasynda alyş-çalyş maksatnamalaryň assosirlendirilen direktory Timoti Rouz we barlaglaryň howpsuzlygy boýunça jogapkär Kuinton Jonson bilen duşusyk geçirilip, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy barlaglary goramak we tehnologiýalaryň rugsatsyz berilmeginiň öňüni almak çäreleri ara alyp maslahatlaşyldy.


Mundan başga-da, wekiller Demirgazyk Karolina ştatynyň Sekretarynyň edarasynda bolup, telekeçiligi bellige almak we haryt nyşanlaryny goramak ulgamlary bilen tanyşdylar.


Wekiliýet tarapyndan uly gyzyklanma döreden ýerleriň biri hem UNC-niň Ýuridik mekdebi boldy.

Bu ýerde Intellektual eýeçilik klinikasynyň we innowasiýalar institutynyň direktory Dustin Marlan geljekki ýuristleri taýýarlamak hem-de kiçi telekeçilige we startaplara hukuk kömegini bermek tejribesi barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Demirgazyk Karolina ştatynyň Söwda departamentinde Ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Jon Hardin bilen duşusyk geçirilip, ykdysady ösüş we maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.




Resmi duşusyklar Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwersitetinde (NC State) tamamlanyp, bu ýerde tehnologiýalary ygtyýarnamalaşdyrmak bölüminiň wise-kanslorynyň kömekçisi Braýan Eller ylmy açyşlary bahalandyrmak we olary önümçilige ornaşdyrmak işleri barada maglumat berdi.


Türkmenistanyň wekiliýetiniň Demirgazyk Karolina ştatyna amala aşyran bu sapary iki ýurduň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny giňeltmekde we innowasion mümkinçilikleri ösdürmekde möhüm ädim boldy. 10-njy sentýabrda wekiliýet ABŞ-daky saparyny dowam edip, Boston şäherine ugrady.
Şeýle hem okanyň


Harri Keýn 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy
Bugün 03:06Mýunheniň «Bawariýa» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/26 möwsüminiň jemi boýunça dünýä futbolynyň iň abraýly şahsy baýragy bolan «Altyn topa» mynasyp boldy. Dabaraly çäre 26-njy oktýabrda Londondaky «London Palladium» teatrynda geçirildi we bu baýrak 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Fransiýanyň daşynda gowşuryldy. Keýn ses berişlikde Kilian Mbappeden we Lamin Ýamaldan öňe geçmegi başardy, şeýle hem ol möwsümiň iň gowy bombardiri hökmünde Gerd Mýuller adyndaky baýraga eýe boldy.
Geçen möwsüm 33 ýaşly iňlis hüjümçisi üçin karýerasyndaky iň netijeli döwür boldy. Ol «Bawariýanyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 61 gol geçirip, toparyna Germaniýanyň çempionlygyny we ýurduň Kubogyny utmaga uly goşant goşdy. Mundan başga-da, Keýn Dünýä çempionatynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 6 gol urup, toparynyň ýarym finala çenli ýetmegine kömek etdi. Bu ýeňiş iňlis futboly üçin hem taryhy waka öwrüldi, sebäbi iň soňky gezek bu baýragy 2001-nji ýylda Maýkl Ouen alypdy.
Ses berişligiň netijeleri boýunça ikinji orny Madridiň «Realyndan» Kilian Mbappe (42 gol), üçünji orny bolsa «Barselonadan» Lamin Ýamal (24 gol, 18 assist) eýeledi. Ilkinji onluga şeýle hem Rodri, Lionel Messi, Hwiça Kwarasheliýa, Usman Dembele, Erling Holand, Maýkl Olise we Fabian Ruis girdiler. Zenanlaryň arasynda bolsa «Altyn top» baýragyna karýerasynda üçünji gezek ispan ýarymgoragçysy Aleksiýa Putelýas mynasyp görüldi.
Şeýle hem okanyň