Oýun sanawy

Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik gününiň 10 ýyllygy dabaraly bellenildi

15 Iýul. 08:55

Çeşme

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň iň täze taryhyndaky şanly senelerden biri bolan Demokratiýa we milli agzybirlik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Ilçi mundan on ýyl ozal (2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda) Türkiýede guralan döwlet agdaralyşygyna synanyşygyň öňüniň türk halkynyň we gahrymanlarynyň belent agzybirligi hem-de durnuklylygy bilen alynandygyny mälim etdi.

Ilçi Ahmet Demirok öz çykyşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky köp ýyllyk, dostlukly we strategetik hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Ol türk halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşniýetli goldawlary we doganlyk hemaýatlary üçin çuňňur sagbolsun aýtdy.

Dabaranyň resmi böleginiň çäklerinde sebit müftüsi tarapyndan taryhy wakalarda wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna aýat-töwirler okaldy. Çykyşynyň ahyrynda ilçi 2016-njy ýylyň wakalarynda wepat bolan şehitleriň ýadygärligini hormat bilen hatyralady we weteranlara berk jan saglygyny hem-de abadançylyk diledi. Dabara tamamlanandan soňra, myhmanlar ýörite guralan we şol taryhy pursatlary beýan edýän fotosergi bilen ýakyndan tanyşdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌