Oýun sanawy

Strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak: Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

08 Iýul. 08:27

Çeşme

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşyk geçirdi.

Konstruktiw häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylygy hem-de strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky ygrarlylygyny tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, taryhy umumylyk we ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy ýaly ýörelgelere esaslanýandygyny belledi. Şeýle hem ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň döwletara dialogy çuňlaşdyrmagyň möhüm guralydygy nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijelerine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde konstruktiw çemeleşmesi üçin azerbaýjan tarapyna hoşallyk bildirdi hem-de türkmen halkyna sowgat hökmünde gowşurylan «Dostluk» gämisi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu sowgat doganlyk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany hökmünde häsiýetlendirildi.

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş depginlerine ýokary baha berdi hem-de Aşgabadyň binagärlik keşbindäki gazanylan üstünliklerini aýratyn belledi.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, dürli pudaklarda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şeýle hem iki halkyň ýakynlaşmagyna hyzmat edýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselesi gün tertibiniň möhüm bölegi boldy.

Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri «Ene-tebigat» atly halkara çäräniň taýýarlygy boldy. Şu ýylyň 19-njy oktýabryndan 30-njy noýabryna çenli Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu taslama Geýdar Aliýew adyndaky Gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki başlangyjy bolar.

Bu çäräniň ynsanperwer hyzmatdaşlyga täze itergi bermegine we iki haýyr-sahawat guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna garaşylýar.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌