Oýun sanawy

Mugallymlaryň gatnaşmagynda bilimde emeli aňyň ulanylyşy boýunça sanly maslahat geçirildi

03 Dek. 07:14

Çeşme

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary ÝUNESKO-nyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň ýokary bilimde innowasiýalar boýunça halkara merkezi (UNESCO-ICHEI) tarapyndan guralan «Mugallymlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek: döredijilikli emeli aňyň okatmakda we öwrenmekde gizlin mümkinçiliklerini açmak» atly sanly maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Maslahaty Hindi tehnologiýa institutynyň (Haragpur) Öňdebaryjy tehnologiýalar we taslamalar merkeziniň dosenti hem-de Pedagogiki okuw we kognitiw başarnyklar merkeziniň başlygynyň orunbasary Kauşal Kumar Bhagat geçiripdi.

Hünärmeniň çykyşynda getirilen maglumatlar gatnaşyjylara emeli aň tehnologiýalaryny okuw prosesinde ulanmak baradaky düşünjelerini giňeltmäge we täze tejribeleri özleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Alyp baryjy döredijilikli emeli aňy okuw işine netijeli ornaşdyrmagyň ýollary, sapaklary AI arkaly meýilleşdirmegiň döwrebap usullary, bilimi bahalandyrmagyň häzirki zaman ulgamy, şahsylaşdyrylan öwreniş mümkinçilikleri hem-de döredijilikli mazmun taýýarlamak boýunça anyk mysallar bilen çykyş etdi.

Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary maslahat döwründe mowzuklaýyn söhbetdeşliklere hem-de pikir alyşmalara işjeň gatnaşdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌