Oýun sanawy

Aşgabatda Kataryň Milli güni dabaraly bellenildi

15 Dek. 18:37

Çeşme

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Aşgabatda Kataryň Milli güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Kataryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser Ahmed Mohammed Al-Taher ýolbaşçylyk etdi.

Bu dabarada beyan.tm topary hem gatnaşdy.

 

Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow kabul edişlige gatnaşdy.

 

Ilçi öz çykyşynda häzirki zaman Katarynyň esasyny goýan Şeýh Jasim bin Mohammed Al Tani barada durup geçdi hem-de Kataryň halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna ünsi çekdi.

 

Şeýle-de 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda hyzmatdaşlygyň çalt depginlerde ösýändigi, ýokary derejeli özara saparlaryň amala aşyrylandygy bellenildi.

 

Çäräniň dowamynda myhmanlar Kataryň milli medeniýeti bilen tanyşdyryldy: milli egin-eşikler, Katara bagyşlanan kitaplar, däp-dessur esbaplary, sokollar görkezildi. Milli sazlar ýaňlandy, kaligraf bolsa isleg bildirýän myhmanlaryň atlaryny nepislik bilen ýazdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌