Oýun sanawy


Türkmenistanyň ilçisi Fransiýada faşizme garşy söweşen gahrymanlary ýatlady
07 Maý. 08:50Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu hatyra çäresi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň esasy maksady umumy taryhy mirasy gorap saklamakdan we uruş gahrymanlaryna sarpa goýmakdan ybarat boldy.
Hatyra dabarasy Nuanýe-Sen-Marten kommunasynyň golaýynda ýerleşýän sowet esgerleriniň harby gonamçylygynda dowam etdirildi. Türkmen diplomaty bu ýerdäki ýadygärlige gül desselerini goýup, wepat bolan esgerleriň ruhuna hormat bildirdi. Agzalan gonamçylyk Fransiýanyň çäginde Ikinji jahan urşy ýyllarynda şehit bolan gerçekleriň iň uly jaýlanan ýerleriniň biri hasaplanýar.
Dabaraly çärä Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ilçihanalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Gatnaşyjylar parahatçylyk ugrunda jan beren watandaşlarymyzy bir minutlyk dymmak bilen ýatladylar. Diplomatlar taryhy hakykaty geljekki nesillere ýetirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre halkara gatnaşyklarynyň dostlukly özenini berkitmäge hyzmat edýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän şeýle duşuşyklar taryhy ýatlamalary täzelemekde we umumy gymmatlyklary dabaralandyrmakda uly orna eýedir. Dabara dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.