Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-da Prezident Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen “Merkezi Aziýa + Amerika Birleşen Ştatlary” atly sammite gatnaşdy diýip, TDH habar berdi.
Sammitde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Donald Tramp sammiti açyp, gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, duşuşygyň “C5+1” hyzmatdaşlyk formatyny täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow çykyşynda bu hyzmatdaşlyk görnüşiniň döredilmeginden bäri gazanylan oňyn netijeleri belläp, Türkmenistanyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika hem-de ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, “C5+1” görnüşindäki hyzmatdaşlyk sebitde durnukly ösüşe we bilelikdäki ösüşiň berk binýadyny döretmäge hyzmat etmeli.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk we medeni mirasy goramak boýunça bilelikdäki niýetnamalary kabul etdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň