Oýun sanawy


Türkmenistanly hünärmenler Týan-Şanyň buzlyklaryny gorap saklamak we modellemek meselelerini öwrenýärler
06 Awgust. 18:25Türkmenistandan gelen ýaş hünärmenler Içerki Týan-Şanyň buzlaşma ewolýusiýasyny modelleşdirmek üçin maglumatlary ýygnamagyň metodologiýasyna bagyşlanan Halkara tomusky okuwa gatnaşýarlar. Bu ylmy-bilim çäresi 2026-njy ýylyň 3 — 8-nji awgusty aralygynda Gyrgyzystanyň Yssyk-köl zolagynda geçirilýär. carececo.org sahypasynyň habar bermegine görä, okuwa Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gidrologiýa, meteorologiýa, gliasiologiýa hem-de ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenler gatnaşýarlar.
Buzlyklaryň tiz eremegi häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleri üçin iň möhüm ekologik kynçylyklaryň birine öwrüldi. Sebitdäki suw resurslary, ilatyň ömür howpsuzlygy we ykdysadyýetiň durnukly ösüşi gönüden-göni kriosferanyň häzirki ýagdaýyna baglydyr. Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli sebitdäki buzlyklaryň meýdany takmynan üçden bir bölegi azalyp biler, bu bolsa howply buzlyk kölleriniň we suw basmalaryň emele gelmek töwekgelçiligini artdyrar.
Mekdebiň amaly okuw saparlary Týan-Şan halkara ylym merkeziniň desgalarynyň binasynda guralýar. Okuwa gatnaşyjylar Çon-Kyzyl-Suw gidrometeorologiýa stansiýasynda, ýokary daglyk zolagyndaky Kara-Batkak buzlygynda we Yssyk-kölüň kenaryndaky Kara-Bulun köl çäklerinde amaly barlaglary geçirýärler.
Amaly saparlary we leksiýalary Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belgiýadan, Fransiýadan we Ýaponiýadan gelen alymlar hem-de bilermenler alyp barýarlar. Bu ylmy proýekt Bütindünýä bankynyň «RESILAND CA+» sebit maksatnamasynyň «Gyrgyz Respublikasynda durnukly landşaftlary dikeltmek» (RESILAND Gyrgyzystan) taslamasynyň çäginde durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.