Oýun sanawy


Türkmenistanda “Mümkinçilikleriň ýurdy” atly IT startap bäsleşigine ýazga alyş başlandy
25 Sen. 13:06Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan – Mümkinçilikleriň ýurdy” atly maglumat tehnologiýalary boýunça ýaşlar üçin startap bäsleşigi yglan edildi. Maksat – ýaşlaryň innowasion pikirlerini höweslendirmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek.
Guramaçylar:
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Merkezi geňeşi
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi
Gatnaşyp bilýänler:
Ýokary synp okuwçylary, talyplar, mugallymlar, telekeçiler, IT hünärmenleri, döredijilik pudaklarynyň wekilleri we garaşsyz taslama awtorlary.
Arza tabşyrmak tertibi:
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabryna çenli aşakdaky salgy boýunça:
Aşgabat şäherindäki Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň komiteti,
S.Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat.
Her gatnaşyjy diňe bir taslama hödürläp biler.
Saýlama tapgyry geçenler üçin ýörite okuw maksatnamasy — “bootcamp” guralar.
Baha berilýän ugurlar:
Täzelik
Jemgyýetçilik-ykdysady ähmiýeti
Amala aşyrylyş mümkinçilikleri
Biznes modeli
Toparlaýyn işleşmek
Taslamanyň tanyşdyrylyşy
Netijeler:
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 6 ýeňiji yglan ediler:
1 birinji orun
2 ikinji orun
3 üçünji orun
Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we baş hemaýatkär — TMT Consulting Group tarapyndan gymmatly sowgatlar bilen sylaglanar.
Täzelikçilik görkezýän taslamalara maýa goýum goldawy hem berler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+993 12) 22-71-93, 22-74-07, 22-70-38
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň