Oýun sanawy

Türkmenistan bilen JICA köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär

16 Iýul. 15:15

Çeşme

Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmaga gönükdirilen alyp barýan parahatçylykly we netijeli syýasatyna gaty ýokary baha berildi. Hususan-da, 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen geçiren dostlukly hem-de ýokary netijeli gepleşikleriniň ikiçäk hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakdaky taryhy ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen JICA-nyň arasyndaky häzirki amala aşyrylýan tehniki taslamalary we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda türkmen hünärmenleri üçin okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işläp düzmek, wodorod energiýasy ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça Sukuba uniwersiteti bilen gatnaşyklary berkitmek hem-de «Bir oba, bir önüm» başlangyjyny işjeň öňe sürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde sanlylaşdyrmak, saglygy goraýyş, durnukly ösüş we adam kapitalyny ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek bellenildi. Taraplar emeli aň, sanly özgertme, ykdysady, senagat hem-de tehnologiýa ulgamlarynda tejribe alyşmagy, şonuň bilen birge medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny täze taslamalar arkaly has-da baýlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌