Oýun sanawy

Zähmet we sport ýeňişleri: türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda 471 medal gazandylar

02 Awgust. 17:33

Çeşme

2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň dowamynda türkmen türgenleri halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedow hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň» (TDH) habar berşi ýaly, hasabat döwründe bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirildi. Ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazandylar. Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky we Awazadaky merkezlerde çagalaryň talapalaýyk dynç alşy üpjün edildi. Mundan başga-da, Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Ýurduň döwrebap şypahanalarynda ilata we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen sagaldyş hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmagyň, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de ylym ulgamynda netijeli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy

24 Okt. 10:17

Çeşme

«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.

Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌